Dec 06, 2021 22:39 Asia/Ashgabat
  • Içeri işler ministri: Owganystanyň gündogar serhetdäki Eýran bilen çaknyşygy düşünişmezlikdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Owganystanyň Eýran bilen gündogar serhetdäki konflikti düşünişmezlikdi diýip nygtady.

ISNA-nyň habaryna görä, şu gün (duşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň içeri işler ministri "Ahmad Wahidi" ýurduň gündogar serhetlerinde bolup geçen soňky konflikt barada agzap Bu dawa düşünişmezlik esassynda ýüze çykdy we Owganystan ýalňyşanlygyny aňlady diýip yglan etdi.

Häzirki wagtda Eýranyň Owganystan bilen gündogar serhedinde möhüm mesele ýok we ýagdaý asudadyr diýip Içeri işler ministri sözüniň üstüni ýetirdi.

Owganystanyň Nimroz welaýatynyň golaýyndaky Şagalak sebitinde geçen hepde Eýranyň serhet güýçleri bilen Talybanyň arasyndaky serhet düşünişmezligi sebäpli çaknyşyk boldy.

 

Tags