Dec 07, 2021 15:12 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran-Gyrgyzystan gatnaşyklary ösmegini dowam etdirer

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde we ösdürmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Jabarafyň ýüzlenmesinde: Iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar öser diýdi.

Soňky ýyllarda Eýran bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda ösýär we Eýranyň Söwda Ösüş Guramasynyň habaryna görä, Eýran bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda soňky bäş ýylda 70% -den gowrak ösdi.

Eýran bilen Gyrgyzystan 2019-njy ýylda guramaçylykly jenaýatçylyga, ekstremizme we neşe gaçakçylaryna garşy göreşmek üçin hukuk goraýjy we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdiler.