Dec 07, 2021 15:42 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Amerikanyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmeginiň sanksiýalary ýatyrmakdan başga ýoly ýokdyr

Eýranyň Daşary işler ministri: Eýran Yslam Respublikasyna garşy zulumly sanksiýalaryny ýatyrmazdan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmeginiň mümkinçiligi ýokdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Amir Abdullahian "Kommersant" gazetine beren interwýusynda şeýle diýdi: Günbataryň öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigine garamazdan, Eýranyň hoşniýetliligini görkezmek üçin we birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalary ýatyrmak maksady bilen we gowy ylalaşyga ýetmek üçin ýene netijeli gepleşiklere taýyndygyny aýtdy.

Eýranyň ýokary derejeli diplomaty, Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly häzirki ýagdaýyň "ABŞ ýadro ylalaşygy ýok etmek synanyşygyndan ýüz öwürmändigi" sebäpli döredilendigini aýtdy.

Geçen hepdäniň duşenbe güni (29-njy noýabr) Wenada Eýranyň zulumly sanksiýalaryny ýatyrmak baradaky gepleşikleriň täze tapgyry başlandy.

Gepleşikleriň dowamynda Eýran beýleki tarapalara ABŞ-nyň sanksiýalaryny ýatyrmak we ýadro borçnamalary boýunça iki resminama hödürledi.

Eýran bilen gepleşik geçirýän taraplar, 4 + 1 topary (Germaniýa, Fransiýa, Angliýa, Russiýa we Hytaý) Eýran Yslam Respublikasynyň tekliplerine delillendirilen, resminamalaşdyrylan we logiki jogap bermek üçin, paýtagtlary bilen maslahatlaşmalydygyny aýtdylar we şoňa laýyklykda beýleki tarapa paýtagtlary bilen maslahatlaşandan soň Wenada gepleşikleri dowam etdirmek mümkinçiligi berildi.

Tags