Dec 07, 2021 15:54 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda 79 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 79 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 130,356 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 3 müň 514 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 6,141,335-e ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 5 million 936 müň 975 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldylar.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde şu wagta çenli 266 million 845 müňden gowrak adama ýokaşdy we 5 million 281 müňden gowrak adam kowid-19 keseli sebäpli öldi.