Dec 07, 2021 16:29 Asia/Ashgabat
  • Şamhani: ABŞ sebitdäki krizisi dowam etdirmäge synanyşýar

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary: Siriýada we Yrakda terrorçy DAEŞ topary dargansoň we Garşylyk frontunyň ýeňşinden soň ABŞ sebitde täze krizisleri döretmegiň yzyndadyr diýdi.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary admiral Ali Şamhani sişenbe güni Tähranda Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad bilen duşuşyp, sebitdäki ýagdaýy açyklamak bilen Siriýada howpsuzlyk krizisini döretmek baradaky meýilnamany Amerikan-Sionist dildüwşük diýip atlandyrdy we tutuş sebitiň howpsuzlygyna howp salýan howply netijeleri barada duýduryş berdi.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, Siriýadaky islendik ýurduň basyp alyjylygyň howpsuzlygy dowam etdirjekdigini we zorlugyň gerimini giňeltjekdigini aýtmak bilen Taryhdaky islendik agressiýanyň we basyp alyşlygyň ykbaly yza çekilmekden we masgaraçylykly ýeňlişden başga zat däldi diýdi.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň wekili, Sionist režimiň Siriýanyň topragyna yzygiderli agressiýasyny ýazgardy we bu režimiň Palestina we Liwana garşy gazaply agressiýasynyň dowamyndaky hüjümleri hasaplap zorlukly garşylyk sebitdäki sionist rak keselinden gutulmagyň ýeke-täk usulydyr diýip beýan etdi.

Syýasy we howpsuzlyk ugurlary boýunça Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky strategiki gatnaşyklara ünsi çeken Şamhani, beýleki pudaklara, esasanam ykdysady ugurda-da giňelmegine ünsi çekdi we Eýranyň bu ugurdan doly taýýardygyny mälim etdi.

Siriýanyň Daşary işler ministri, Eýranyň Siriýanyň halkyna we hökümetine berýän doly goldawyna minnetdarlyk bildirdi: "Birleşen Terrorçylyk frontunyň ýeňilmegi we Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagy bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze bölümi ykdysady gatnaşyklarryň ileri tutulýan ugury bilen başlandy.

Tags