Dec 08, 2021 19:12 Asia/Ashgabat

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, Türkiýä saparyny yslam ýurtlary we sebit bilen gatnaşyklary giňeltmek barada maslahatlaşmak üçin amatly pursat hasaplady.

IRANPress-iň habaryna görä, şu gün (çarşenbe) Mehrabad howa menzilinde Türkiýä saparyndan öň Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" bu saparyň meýilnamalaryny açyklanda Bu sapar, iki günüň dowamynda Türkiýe mejlisiniň başlygynyň çakylygy boýunça Yslam ýurtlarynyň assambleýalarynyň bileleşiginiň mejlisine gatnaşmak üçin amala aşyrylar diýdi.

Bu saparyň dowamynda yslam ýurtlarynyň parlamentleriniň başlyklary Palestina, migrasiýa we Owganystandaky wakany sebitdäki çynlakaý meseleler hökmünde ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanarlar diýip Galibaf aýtdy.