Dec 11, 2021 15:39 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Bakuwdaky ilçisi, iki ýurduň hyzmatdaşlygy bilen Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky Serhet howpsuzlygyny yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Bakuwdaky ilçisi "Seýed Abbas Mousawi" EýranPresse beren interwýusynda: Iň howpsuz serhetlerden biri bolýan Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky serhet, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk we serhet gatnaşyklary arkaly ýola goýulandyr diýdi.

Mousawi sözüniň dowamynda: iki ýurduň serhetçileri biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýarlar we rugsatsyz giriş bar bolsa, taraplar hökman biri-biri bilen maslahatlaşmak arkaly bu meseläni çözýärler diýdi.

Eýranyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň çäkleri azat edilenden soň, bu ýurt tarapyndan Eýranyň umumy serhetlerine takmynan 132 kilometre goşuldy we şol bir ýagdaýda iki ýurt serhet howpsuzlygyny parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň çäkleri hökmünde berkitmegi meýilleşdirýärler diýip yglan etdi.

Şeýle hem Musawi, Eýranyň Azerbaýjan respublikasy bilen serhet meselesinde ylalaşyklarynyň bardygyny we iki ýurduň resmileri bilen ministrleriniň arasynda geçirilen ýygnaklarda serhet gatnaşyklaryny berkitmek üçin täze maksatnamalaryň hödürlenjekdigini aýtdy.