Dec 21, 2021 17:09 Asia/Ashgabat
  • Admiral Tangsiri: Adalara ýakynlaşmazdan ozal duşmany ýok edris

Yslam Ynkylapynyň Sepah Pasdaranynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi: Beýik Pygambermiziň (SAW) adyny göterýän 17-nji türgenleşiginde adalary berk goradyk we duşman ýakynlaşmazdan ozal olary ýok etjekdigimizi görkezdik diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Yslam Ynkylapynyň Sepah Pasdaranynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Alireza Tangsiri sişenbe güni Eýranyň günorta kenaryndaky geçirilip duran türgenleşiginiň çäginde beren gürrüňlerinde bu maşkda, uruş oýnunyň netijesi we teoretiki taýdan işlenip düzülen meýilnamalar meýdançada iş ýüzünde amala aşyryldy we göz öňünde tutulan ähli netijeleri gazandyk diýdi.

Admiral Tangsiri şeýle-de bu türgenleşikde ulanylýan ýaraglar we ok-däriler Eýranda ýasaldy we takyklygy ýokarydyr diýip beýan etdi.

"Beýik Pygamberimiziň (saw) 17" bilelikdäki maşklary duşenbe güni Pars aýlagynda, Hormuz bogazynda we Hormozgan, Buşer we Huzestan welaýatlarynyň kenarýakalarynda başlandy.

Tags