Jan 01, 2022 20:36 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary lideri: Şehit Soleýmanyň gany sebäpli çydam toplumyň häzirki ýagdaýy has umytly

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, sebitdäki ýaşlaryň arasynda Şehit Soleýmanyň nusga bolanlygyna salgylanyp, bu eziz şehiti Eýranyň we Yslam dünýäsiniň iň milli we abraýly şahsyýeti diýip atlandyrdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi şu gün (şenbe) maşgalasy we işgärler bilen şehit Haj Gassem Soleýmanyň maşgala agzalarynyň hemde ol şehidiň adyny gadyrlaýan ştabyň agzalarynyň duşuşygynda Duşmanlar Soleýmaniniň, Abu Mahdiniň we onuň ýoldaşlarynyň şehit bolmagy bilen iş gutarar diýip pikir etdiler, ýöne şu gün dökülen eziz we mazlum ganyň bereketine ABŞ Owganystandan gaçdy. Yrakda bolsa görme göze bu uýrtdan çykan boldy we diňe harby maslahatçy adynda galdy Elbetde, Yrakly doganlarymyz bu meeläni hüşgärlik bilen yzarlamalydyrlar, Yemende çydam fronty öňe barýar, Siriýada duşman ýere çalyndy we geljege umydy ýok, umuman alanyňda, sebitde çydam we imperializme garşy hereket bu günki gün iki ýyl mundan ozala görä has abadan, bagtly we umytly işlerini dowam edýär diýip beýan etdiler.