Jan 09, 2022 17:19 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary lideri: Amerikanyň Birleşen Ştatlary yslam düzgüniniň düýpgöter duşmanydyr

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, "ölüm bolsun Amerika" şygaryny Yslam respublikasyna, imperializmiň hemişelik duşmançylygynyň sebäbi hasaplaýanlara jogap edip Amerikanyň Birleşen Ştatlary yslam düzgünine düýpgöter duşmançylyk edýär, sebäbi ol bu düzgüni dinden we milletiň dini ynançlaryndan ýüze çykýan zat hasaplaýar diýdiler.

Aýatolla Hameneýi şu gün (ýekşenbe) 1356-njy ýylyň 19-njy deý aýyndaky gozgalaňyň ýyl dönümi mynasybetli (1978-nji ýylyň 9-njy ýanwary) Gom halkynyň dürli gatlaklary bilen wideo duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasyny Yslamyň we Yslam ymmatynyň hökümdarlygynyň beýany hasapladylar.

Dürli ýurtlarda sünnüleriň Yslam respublikasyna bolan gyzyklanmasyna we yhlasyna  salgylanyp, Yslam ýurtlarynda Şehit Soleýmanyny hormatlamak boýunça geçirilen uly çäreler, yslam ymmatynyň,Gündogar Aziýa-dan tut Günbatar Afrika çenli Yslam Respublikasyna bolan gyzyklanmanyň we  goldawyň mysalydyr diýdiler.

Rewolýusiýanyň ýokary lideri Şehit Soleýmanyň taryhy jaýlanyşyny halkyň pursatdöredji yhlasynyň döremeginiň mysaly hasaplap Şol çärede eýran halky dini we ynkylap agzybirligini we şahsyýetini ýene bir gezek tomoşa goýdy we bu mukaddes beden Siriýa, Liwana we Päkistan ýurtlaryna giden halatynda, ş Eýran we Yrak halklary tarapyndan garşylanşy ýaly şol ýurtlarda hem garşylanardy diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri "ulumsy we eziji duşmana boýun egmezlik" rewolýusiýanyň ýörelgelerinden biridir diýmek bilen Duşman bilen haýsydyr bir döwürde gepleşik geçirmek, gürleşmek we özara gatnaşyk etmek, oňa boýun bolmaklygy aňlatmaýar, elbetde şuwagta çenli boýun egen däldiris we mundan beýläk hem boýun egmeris diýip nygtadylar.