Jan 11, 2022 15:15 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Türkmenistan gatnaşyklarynda täze bapyň başlanmagy

Goňşular bilen gatnaşyklaryny ösdürmek Eýranyň 13-nji hökümetiň sebit diplomatiýasynda ileri tutulýan ugurlaryndan biridir.


Bu syýasatyň çäginde Tähran soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanyň wise-prezidentini Sardar Berdymuhamedowy, şeýle hem Türkmeniň Daşary işler ministri Raşid Mardowy myhman aldy.
Bu saparyň dowamynda Tähran we Aşgabat ykdysady, söwda we üstaşyr hyzmatdaşlygyň ösüşi barada maslahatlaşyldy.
Geçen anna güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybrahym Räisi Türkmen Prezidentiň ýörite wekili Sardar Berdymuhamedow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Murdow bilen duşuşdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isledi.

2021-nji ýylyň noýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti EKO sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gitdi we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow bilen duşuşdy.
Eýran Yslam Respublikasy sebit gatnaşyklaryny ösdürmek we goňşulary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek syýasatyny dowam etdirmek üçin ýakyn wagtda Türkmenistan Respublikasynyň Prezidentini kabul eder.
Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite wekili Sardar Berdymuhamedowyň Tährana sapary wagtynda "Gurbanguly Berdymuhamedowdan" ýazmaça sargydy Räisi-e ýetirdi we Eýran hökümetiniň soňky birnäçe aýyň içinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek ugrundaky tagallalaryna minnetdarlyk bildirdi. ; Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň dürli ugurlarda, esasanam gaz, transport, ykdysadyýet, söwda we medeni meselelerde gatnaşyklary ösüş ugurdadyr.
 

Tags