Jan 14, 2022 15:37 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hutbalary

Tähran juma namazynyň hatyby, sanksiýalary ýatyrmak meselesinde Eýrandan has köp duşmanyň ylalaşyk gazanmaga mätääçdigini aýtmak bilen diplomatiýa söweşinde gaýratly durmalydyrys diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Hojjatolyslam we muslemin Muhammet Jawad Haj Ali Akbari, şu gün Tähranda juma namazynyň ikinji wagzynda: Eýran sanksiýalaryň ýatyrylmaga howlukmaýar, ýöne gepleşikleriň eroziýa öwrülmegine ýol bermeýär diýdi.

Hojjatolyslam we muslemin Muhammet Jawad Haj Ali Akbari şeýle-de daşary syýasatda, Eýranyň yhlasly halky dalda bolup duran mahaly, gepleşik geçirýänler güýçli bolmaly we hiç zatdan gorkmaly däldirler we paýhas, paýhaslylyk we Hudaýa bil baglamak bilen duşmanyň meýilnamalaryny şowsyz edip bilerler diýip beýan etdi.

Awstriýanyň paýtagtynda 3-nji ýanwarda başlanan Wena gepleşikleriniň sekizinji tapgyry soňky 12 günüň dowamynda dürli derejelerde dowam edýär we häzirem dowam edip dur.