Jan 14, 2022 16:20 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Sanksiýalar we howplar ösüşe päsgel bermeýär

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sanksiýalaryň we howplaryň Eýranyň ösüşine päsgel bermejekdigini aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, şu gün Hormozgan (Eýranyň günortasy) saparynyň ikinji güni, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi Birinji Deňiz sebtindäki Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Harby-deňiz güýçleriniň gazananlarynyň we mümkinçilikleriniň sergisine baryp görende harby ýa-da ýadro çäklendirmeleriniň we sanksiýalarynyň beýleki pudaklarda ýokdugyny belläp, Bu sanksiýalara garamazdan, bu ugurda iň köp ösüş gazandyk we bu ruhy we Basiji rewolýusiýa bolaýsa, duşman hiç zat edip bilmez diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de häzirki wagtda Eýran halky dürli pudaklarda ýurduň howpsuzlygyndan pikirleri rahatdyrlar sebäbi ýaragly güýçleriň gahrymanlarynyň gözünden hiç bir hereket gizlenmeýär diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, şu gün (anna), Pasargad energiýa ösüş toparynda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisiniň gatnaşmagynda Keşmda Eýranyň aşa agyr nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 35,000 barreli açyldy we resmi taýdan işe girizildi.

Bu önümçilik bölüminiň işlemegi bilen 400 adama gönüden-göni iş pursaty dörär.

Tags