Jan 14, 2022 18:14 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Strategiki meseleler Eýranyň we Hytaýyň gün tertibinde

Eýranyň daşary işler ministri: Strategiki meseleler Eýranyň we Hytaýyň gün tertibinde durýar we bu meseleler iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky hat alyşmada täze edebiýat döretdi diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Hytaýa baran Huseýin Amir Abdullahian soňky aýlarda Eýran-Hytaý gatnaşyklarynyň giňelmegi barada beren gürrüňlerinde soňky dört aýda, Eýranyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň arasynda ýedi-den gowrak aragatnaşyk ýa-da söhbetdeşlik boldy we prezidentleriň derejesinde hem aragatnaşyk we söhbetdeşlik dowam edýär bu bolsa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini we ösüşini görkezýär diýdi.

Ol şeýle-de Eýranyň täze hökümetinde gatnaşyklaryň has çaltlaşmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys diýmek bilen Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda dürli meselelerde gowy utgaşdyrylyşymyz we dürlüligimiz bar we iki tarapyň hem bähbidi üçin dürli meselelerde uly üstünlikler gazandyk diýip beýan etdi.