Jan 16, 2022 14:07 Asia/Ashgabat
  • Jalalzadeh: Eýranyň gepleşik toparynyň gün tertibi sanksiýalary ýatyrmak

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy Eýranyň gepleşik toparynyň gün tertibi sanksiýalary ýatyrmakdyr diýdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Wahid Jalalzadeh Wena gepleşiklerinde Hytaý we Orsýet taraplary Eýranyň pozisiýasy bilen hemrahdyrlar diýdi.

Mejlisiň Milli howpsuzlyk komissiýasynyň başlygy şeýle-de Ýewropalylar we amerikalylar Eýran Yslam Respublikasynyň Eýran halkynyň hukuklaryny durmuşa geçirmäge synanyşýan gepleşiklerinde Eýranyň mümkinçiliklerini azaltmak isleýär ýöne bo mesele Eýranyň gepleşik toparynyň isleglerine ters gelýär diýip nygtady.

Awstriýanyň paýtagtynda Wena gepleşikleriniň sekizinji tapgyry ertir (duşenbe) Eýranyň we 4 + 1 toparyň gepleşik delegasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň gaýdyp gelmegi bilen dowam eder.