Jan 16, 2022 15:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyp maslahatlaşdy.

IRNA-nyň habaryna görä, BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Gear Patterson şu gün (ýekşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň ýörite syýasy meseleler boýunça uly geňeşçisi Ali Asgar Haji hem düýn (şenbe) BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Gear Patterson bilen duşuşdy.

Duşuşykda Siriýa krizisinde bolup geçen soňky wakalar, Konstitusiýa komitetiniň gepleşikleri, sanksiýalar bilen gapma-garşylyk we Siriýanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň iberilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tags