Jan 18, 2022 17:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda ýene 18 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi geçen 24 sagatyň dowamynda 18 sany “kowid-19” hassasynyň ölendigini, we ölenleriň umumy sanynyň 132,113 adama ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 3 müň 653 täze hassanyň kesgitlenendigini

we hassalaryň umumy sanynyň 6,227,849 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 68 müň 983 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde şu wagta çenli 331 million 763 müňden gowrak adama ýokaşdy we Kowid 19 keseli sebäpli 5 million 565 müňden gowrak adam öldi.