Jan 18, 2022 22:20 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Ýemeni gabamak we oňa hüjüm etmek krizisiň çözgüdi däldir

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Gabaw we harby hüjümler Ýemen krizisiniň çözgüdi däl we beýle hereketler sebitdäki dartgynlygy artdyrar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu gün beren gürrüňlerinde Eýran Ýemen halkynyň gabawyny bes etmeklige, Urşuň soňlamagyna, we Içerki işlerine goşulmazlyk we bu ýurduň territorial bitewiligini goramaklyga esaslanýan syýasy çözgüdi elmydama goldaýandyr we Ýemendäki gumanitar betbagtçylygyň güýçlenmeginiň öňüni almagy nygtaýandyr diýdi.

Hatibzadeh sebitdäki dartgynlylygyň güýçlenmegi barada gürrüň gozgap Eýran Yslam Respublikasy sebitdäki islendik krizisiň çözgüdiniň söweşe we zorluga gönükdirilmejekdigini hemişe nygtandyr we diňe asuda we parahatçylyk atmosferada sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ornaşmagyna umyt baglap bileris diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Ýemen meselesiniň Ýemen meselesidigini belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlyga we Ýemendäki ýedi ýyllyk urşy bes etjek islendik başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Tags