Jan 20, 2022 16:28 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýranyň Russiýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge taýýarlygy bar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Russiýanyň Dumasynda eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek üçin zerur erk we taýynlygynyň bardygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi şu gün (penşenbe) Russiýanyň Dumasynda eden çykyşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Eýran-Russiýa gatnaşyklaryny güýçlendirmek iki ýurduň ykdysadyýetini ýokarlandyrmakdan başga sebitleýin we halkara howpsuzlygy güýçlendirer diýip beýan etdi.

Raisi sözüni dowam etdirip: Eýran dünýäniň ähli ýurtlary, esasanam goňşy ýurtlar we özüniň ýaranlary bilen iň ýokary derejede aragatnaşyk saklamaga synanyşýar we bu hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň maksady we esasy, halklaryň özara bähbitleri we "siwilizlenen dünýä jemgyýetçiliginiň" barha ösýän görnüşidir.

Eýranyň prezidenti sözüni dowam etdirip: "Häkimiýet we agalyk etmeklige esaslanýan halkara tejribe, netijäniň uruşdan, zorlukdan, amansyzlykdan we halklaryň arasynda bölünişikden başga zat däldigini görkezýär diýdi.

Raisi şeýle-de harby basyp alyş we goşun çekmek syýasatynyň şowsuz bolmagy we ABŞ-nyň Yrakdan we Owganystandan gaçmaga mejbur bolmagy halklaryň çydamy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti Eýran bilen Russiýanyň Siriýadaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikli nusga bolandygyny hem nygtady.

Eýranyň prezidenti, agalyk etmek strategiýasynyň başa barmandygyny we ABŞ-nyň iň gowşak ýagdaýdadygyny aýtmak bilen Garaşsyz döwletleriň güýji taryhy ösüşdedigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti şeýle-de NATO garaşsyz ýurtlaryň umumy bähbitlerine howp salýan täze ýollar bilen dürli geografiki sebitlere aralaşmaga synanyşýar diýip sözlerine goşdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanksiýalaryň Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro işleri bilen baglanyşyklydygyny toslaýar, ýöne bu işleriň kanunydygyny we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň hemişe gözegçiligi astyndadygyny her kim bilýändir diýip Raisi aýtdy.

Ra'isi sözüniň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň terrorçylyga we iň ýokary ykdysady basyş kampaniýasyna garşy ýeňiji bolandygyny aýtdy.