Jan 20, 2022 17:11 Asia/Ashgabat
  • Jalalzadeh: Eýran Yslam Respublikasy gepleşiklerde gyssagly möhleti kabul etmez

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk Komissiýasynyň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Wena gepleşiklerinde gyssagly möhleti kabul etmeýändigini aýtdy.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Wahid Jalalzadeh IRNA bilen söhbetdeşlikde gepleşikleriň uzaldylmagynyň sebäbini ABŞ-nyň borçlaryny ýerine ýetirmekdäki garşylygy bilmek bilen şeýle diýdi: Amerika sanksiýalary az görnüşinde azaltmaga synanyşýar ýöne şol bir wagtda Eýranyň ýadro borçnamalaryna doly gaýdyp gelmegini isleýär diýdi.

Jalalzadeh şeýle-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ylalaşygyň wagtynyň gutaryp barýandygy baradaky gürrüňleriniň Aslynda ABŞ-nyň Eýrana garşy syýasy goldawy bolmazdan iň ýokary basyşydygyny aýtdy.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy şeýle hem: Eýran Yslam Respublikasy eroziw gepleşikleri gözlemeýär, eýsem iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän we Eýran halkyna garşy zalymlykly sanksiýalary ýatyrmak ugurdaky rasional gepleşikleri gözleýär diýdi.

Jelalzadehiň aýtmagyna görä, bu gepleşikler, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýatyrmak şerti bilen gysga möhletde tamamlanyp biler.