Jan 20, 2022 22:17 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 20 adamyň ölendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün (penşenbe) yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 20 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 132,152-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 4 müň 658 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,236,567 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 73 müň 412 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem geçen bir gije-gündiziň boýunda 471,038 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 60 million 435 müň 3 adam birinji dozany, 53 million 420 müň 305 adam ikinji dozany we 13 million 832 müň 500 adamy korona sanjymynyň üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 127 million 687 müň 808 doza ýetdi.

Kowid 19 diýlip atlandyrylýan korona wirus 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Hytaýyň merkezindäki Wuhan şäherinde tapyldy we tiz wagtdan bütin dünýä ýaýrady we şeýlelik bilen bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2020-nji ýylyň fewral aýynda bir pandemiýany tassyklady.