Jan 24, 2022 17:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 21 adamyň ölendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 21 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 132,251-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 7 müň 691 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,258,181 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 82 müň 759 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem geçen bir gije-gündiziň boýunda 381,881 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 60 million 513 müň 855 adam birinji dozany, 53 million 651 müň 657 adam ikinji dozany we 14 million 856 müň 764 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 129 million 22 müň 276 doza ýetdi diýip yglan etdi.