Jan 24, 2022 22:08 Asia/Ashgabat
  • Garibabadi: ABŞ-nyň terrorçylyga garşy syýasaty parahat ilatyň öldürilmeginden başga hiç bir netijesi bolan däldir

Kazyýetiň Güýjüniň Halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary we adam hukuklary merkeziniň sekretary Twitter arkaly ABŞ-nyň terrorçylyga garşy syýasatynyň parahat ilatyň öldürilmeginden we öýleriň weýran edilmeginden başga hiç hili netije bermändigini ýazdy.

Kazyýetiň Güýjüniň Halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary we adam hukuklary merkeziniň sekretary Kazem Garibabadi twit ýazyp: Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky iki onýyllykda terrorçylyga garşy göreşmek bahana bilen ýedi ýurtda azyndan 14,000 pilotsyz uçar bilen hüjümleri amala aşyrdy Netijede 48,000 parahat ýaşaýjynyň öldürilmegine we on müňlerçe öýüň weýran bolmagyna sebäp boldy diýdi.

Adam hukuklary merkeziniň sekretary bu twitini dowam etdirdi: ABŞ Kongresiniň 50 agzasy soňky birnäçe günüň içinde Prezident Jo baýdene hat ýazyp parahat ilata ýetirilen zyýany görkezip, Waşingtony terrorçylyga garşy syýasatyny üýtgetmäge çagyrdylar diýdi.

ABŞ-nyň Wekiller mejlisindäki we Senatdaky demokratlar Baýdene hat ýazyp, bütin dünýäde pilotsyz uçar we howa zarbasy syýasatlaryna täzeden garamagy haýyş etdiler.

Tags