Jan 28, 2022 16:37 Asia/Ashgabat
  • Hatami: ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen ähli sanksiýalary ýatyrylmaly

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy Wena gepleşiklerine yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrana garşy ähli sanksiýalary doly we hemişelik ýatyrmaly diýdi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä Tähranyň wagtlaýyn ymamy Aýatolla "Seýed Ahmad Hatami" şu gün Tähranyň juma namazynda eden çykyşynda: Amerika gepleşik geçirmegiň yzynda däldir, eýsem ol talaňçylygyň yzyndadyr; Olaryň talaňçylyk etmek arzuwlary bardyr, ýöne bu düýş hiç haçan başa barmajak düýşdir diýdi.

Hatami şeýle-de Ýemendäki gumanitar betbagtçylyk barada durup geçip: Saud Arabystany Ýemeni yzygiderli bombalaýar şol bir wagtda Halkara guramalarynyň, şol sanda halkara yslam guramalarynyň biparh bolmagy we bu jenaýatyň öňünde dymmagy gynandyrjydyr diýdi.

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy sözüni şeýle dowam etdirdi: Buýsançly zat, sekiz ýyl töweregi wagt bäri duşmany yza tesdirýän Ýemeniň mujahidleriniň garşylygydyr we bu halk öwgä we goldawa mynasypdyr diýip beýan etdi.

Tähranyň juma namazyna gatnaşan ilat Ymam Homini (RA) metjidinde namazdan soň Ýemen halkyna goldaw hökmünde çykyş etdiler.

Ilat bu çykyşlarynda "ölüm bolsun Amerika", "Wahhabiler we sionistler pitneçiler", "ölümbolsun Al Sauda", "ölüm bolsun Sionistlere", "jenaýatynyň garşysynda dymmak Dönüklikdir " we "Ýemen halkyna salam bolsun" ýaly şygarlary aýtdylar.

Tags