Jan 28, 2022 16:53 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian we Guterresiň sebitdäki soňky wakalar we Wena gepleşikleri barada maslahaty

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ýemendäki we Owganystandaky soňky wakalary we Wena gepleşikleriniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Ýemendäki ýagdaý we raýat sebitlerine edilýän hüjümleriň möwjemegine yşarat edip Eýranyň Ýemendäki söweşi bes etmek üçin syýasy çözgüt tapmagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

"Amir Abdullahian" mundan başga-da BMG-nyň gumanitar gabawy bes etmek, ot açyşlygy bes etmek we Ýemende syýasy gepleşikleri geçirmek meselesine edip çemeleşmesine salgylanyp, Baş sekretary gumanitar gabawyň soňlanmagynda we raýat sebitleriniň giňden ýaýran bombalanmagynyň soňlanmagynda has uly rol oýnamaga çagyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Wena gepleşikleriň gidişini oňýn hasaplap Eýran Yslam Respublikasynyň gysga wagtda gowy ylalaşyk gazanmak baradaky çynlakaý islegini gaýtalady.

BMG-nyň Baş sekretary bu telefon söhbetdeşliginde Eýranyň parahatçylyk etabyny, harby zarbalaryň bes edilmegini, ynsanperwerlik meselelerine ünsi çekmegi we Ýemendäki meseleleri çözmek üçin syýasy gepleşikleriň başlamagyny goldamakdaky döredijilikli pozisiýalaryna ýokary baha berdi we garşy aldy.