Jan 28, 2022 17:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 23 adamyň ölendigini habar berdi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 23 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 132,356-a ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 16 müň 757 täze hassanyň kesgitlenendigini we we hassalaryň umumy sanynyň 6,310,452 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 95 müň 414 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy şu wagta çenli dünýäde 367 million 331 müňden gowrak adama ýokaşdy we Kowid 19 keseli sebäpli 5 million 658 müňden gowrak adam öldi.