Jan 28, 2022 21:18 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Demirgazyk-günorta koridoryny tamamlamak Eýran we demirgazyk goňşulary üçin köp ykdysady peýdalary bar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, welaýat saparlarynyň dowamyny Eýranyň demirgazygyndaky Gilan welaýatyna bardy we Demirgazyk-günorta koridoryny tamamlamak, Eýran we demirgazykdaky goňşulary üçin köp ykdysady peýdalary bar diýip beýan etdi.

Şu gün (anna) Eýranyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi welaýatlyk saparlaryny Gilan welaýatynda dowam etdirdi we Gazwin-Raşt-Anzali demir ýol gurluşyk taslamasyny baryp görende Demirgazyk-günorta koridor Eýran-sebit taslamasydyr diýdi.

Raisi Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatynyň Çabahar demir ýoluny Anzali portuna birikdirmegiň ykdysady artykmaçlyklaryna ünsi çekip, Bu demir ýol geçelgesiniň tamamlanmagyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti, demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesini birleşdirmegiň möhümdigine yşarat edip bu demir ýoluň tamamlanmagy, haryt daşamagy ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda haryt daşamak wagtyny we çykdajylaryny azaldyp biler diýdi.

Seýed Ybraýym Raisi anna güni Kaspi port duralgasyna baryp görende, ýol we şäher gurluşygy ministri "Rostam Ghasemi" -niň we  Kaspi portunyň işgärleriniň tarapyndan bu portda täze duralgalaryň gurluşygy we Çabahar demir ýolunyň Gilan welaýatynyň Kaspi portuna birikmeginiň soňky ýagdaýy barada habar berildi.