Feb 12, 2022 10:47 Asia/Ashgabat
  • Bagdatda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşini bellemek dabarasy geçirildi

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşini bellemek, Eýran Yslam Respublikasynyň Bagdatda ýerleşýän ilçihanasynyň başlangyjy bilen Yragyň syýasy, jemgyýetçilik we dini şahsyýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Yragyň milli paýhas hereketiniň lideri Seýid Ammar Hakim, Al-Fatah parlament koalisiýasynyň başlygy Hadi al-Amiri we öňki premýer-ministr Adel Abdul-Mahdi ýaly onlarça Yrak şahsyýeti we taýpa ýolbaşçylarynyň hemde bu ýurtda ýaşaýan eýranlylaryň gatnaşmagynda  Yslam rewolýusiýasynyň ýeňiş dabarasy geçirildi.

Yslam rewolýusiýasynyň ýeňişiniň 43 ýyllygyny gutlaýan Eýranyň ilçisi Iraj Masjedi, dabarada Eýranyň ähli ýurtlara dogruçyllyk we hyzmatdaşlyk elini uzadýandygyny we beýleki ýurtlardan hem şoňa garaşýandygyny aýtdy.