Feb 19, 2022 15:56 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mýunhen Howpsuzlyk Maslahatynyň çäginde Hindistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Eýranyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleri Huseýin Amir Abdullahian we Subramaniam Jaishankar Mýunhen Howpsuzlyk Maslahatynyň çäginde duşuşdylar we iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri hindi kärdeşi bilen duşuşygynda Tähran bilen Nýu-Deliniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere salgylanyp, Eýranyň iki ýurduň arasynda ylalaşylan taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri Owganystandaky soňky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar we Owganystandaky ähli syýasy we etnik toparlaryň gatnaşmagynda giňişleýin hökümetiň döremeginiň zerurlygy barada iki ýurduň meňzeş pikirini nygtadylar.

Şeýle hem Hindistanyň Daşary işler ministri bu ýurduň Eýran bilen ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy üçin karz liniýasyny açmaga taýýardygyny aýtdy.

2022-nji ýylda Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasy, omikron koronasynyň giňden ýaýramagyna garamazdan, 18-nji fewraldan 20-nji fewral aralygynda dürli ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň we ministrleriniň gatnaşmagynda çäkli ýagdaýda geçirilýär.

Tags