Mar 15, 2022 14:28 Asia/Ashgabat
  • Galibaf, Saud Arabystanynda bigünä we mazlum adamlaryň jezalandyrylmagy barada dünýädäki ikiýüzliligi tankytlady

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy: Saud Arabystanynda bigünä we mazlum adamlaryň bir toparynyň jezalandyrylmagy halkara hukugynda iň esasy adam hukuklaryna ters gelýändigini aýtdy.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy başlygy "Muhammet Bager Galibaf" şu gün (sişenbe) Mejlisiň açyk ýygnagynda eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasy, Saud Arabystanynda bigünä we mazlum adamlaryň köpçülikleýin jezalandyrylmagynyň agyr we gynandyryjy hereketini berk ýazgarýar we dünýä hökümetleriniň ikiýüzliligi we bitapawutlygy bir gapdala goýmagy zerurdyr; we şeýle adamkärçiliksiz hereketleri ýazgarmak bilen şeýle pajygaly wakalaryň gaýtalanmagynyň öňüni almalydyrlar diýdi.

Galibaf şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy, günbatar hökümetleriň tersine adam hukuklary meselesinde ikiýüzlilige garşydyr we Ynsanlyk meselelerini çözmekde ähli ýurtlarda we ähli derejelerde adam hukuklarynyň goralmagyna ynanýar we adam hukuklarynyň gural höküminde ulanylmagyny nädogry we adamkärçiliksiz hasaplaýar diýdi.

Şenbe güni Saud Arabystanyň Içeri işler ministrligi bu ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagynyň dowamynda, bir günde 81 adamy dara asdy. Jezalandyrylanlaryň arasynda Saud Arabystanynyň hökümeti tarapyndan dürli bahana bilen tussag edilip, türmä basylan 41 Katif Saud Arabystanynyň şaýy ýaşlary bardy. Saud Arabystanynyň hökümeti her ýyl dürli bahana bilen şol sanda terrorçylyga garşy göreşmek bahana bilen garşylaryň onlarçasyny tutup jezalandyrýandyr.

Tags