Apr 18, 2022 14:06 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary iki ýurduň bähbidine Eýran-Yrak gatnaşyklarynyň ösüşine yşarat edip:Tähran bilen Bagdadyň gatnaşyklaryny giňeltmekde hiç hili çäklendirmesi ýokdyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni bir hepdelik metbugat ýygnagynda EýranPressiň habarçysyna beren interwýusynda Eýran bilen Yragyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn we halkara meseleleriň akymdadygyny aýdyp Şalamçeh demirýol taslamasy, raýatlaryň hereketini ýeňilleşdirmek we wiza bermek baradaky gepleşikler, Eýran bilen Saud Arabystanynyň Bagdatda gepleşikleri Eýran bilen Yragyň arasyndaky iň möhüm ikitaraplaýyn meselelerdendir.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýniň Tährana eden saparyna yşarat edip: Eýranyň resmileri Fouad Huseýn bilen bolan duşuşygynda terror toparlarynyň Yrakdaky işlerine alada bildirýändiklerini we Yrak sebitinden terrorçy toparlaryň hyýanatçylykly peýdalanýandyklaryny duýdurandyr diýip aýtdy.

Hatibzadeh öz çykyşynyň başga bir böleginde: Eýranyň baýlyklarynyň ABŞ bilen baglanyşykly bolmadyk böleginiň boşadylmagy barada ylalaşyk gazanyldy we biz oňa ABŞ-nyň girmäge rugsat bermeris diýdi.

Tags