Apr 29, 2022 12:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranda

Halkyň giňden gatnaşmagy bilen paýtagt Tähranda we Eýranyň ähli şäherlerinde “Bütindünýä Kuds güni” ýörişi başlandy.

Şu gün (anna), 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde (1401-nji ýylyň 9-njy ordibeheşdi), 1443-nji ýylyň Remezan aýynyň 27-i, Halkara Kuds güni bilen gabat gelýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýn, Remezanyň soňky anna gününi Palestina meselesini üns merkezde saklamak we dünýä musulmanlarynyň palestinalylar bilen raýdaşlygyny yglan etmek maksady bilen Remezan aýynyň soňky anna gününi Bütindünýä Kuds güni diýip yglan etdiler.

"Bütindünýä Al-Kuds güni" ýörişi, iki ýyl korona şertlerinde awtoulag arkaly geçirilmeginden soňra bu ýyl tutuş Eýranda agyz bekleýän adamlaryň gatnaşmagynda geçirildi.