May 12, 2022 09:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň tele-radio guramasynyň serhedaşa orunbasarlygynyň Sionist režimiň tarapyndan Şirin Abu Aklanyň şehit bolmagyny ýazgarmak baradaky beýany

Eýranyň tele-radio guramasynyň serhedaşa orunbasalygynyň sionist režimiň palestinaly žurnalist Şirin Abu Aklanyň şehit bolmagynda ýüze çykan täze jenaýatyna reaksiýa bildirdi. Bu beýanyň teksti:

 بسم الله الرحمن الرحیم

Eýran Yslam Respublikasynyň radio we telewideniýede daşary ýurtlar boýunça orunbasarlygy Batyr palestinaly žurnalist Şirin Abu Aklanyň şehit bolandygy baradaky habardan soň, dünýäniň aňynda sionist režiminiň jenaýatlary barada dogruçyl we aýdyň maglumatlary beren we basyp alyjy režimiň jenaýatlarynyň garşysynda parhsyz oturmaýan erkin žurnalistlara duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirmek bilen bir wagtda Sionist goşunynyň basyp alyjy sebitlerde we mukaddes Kuds-da Palestinanyň ezilen halkyna edilýän jenaýatlardan habar ýaýradýan žurnalistleri fiziki taýdan aýyrmak boýunça alyp barýan giňişleýin hereketlerini ýazgarýar diýip yglan etdi.

Şübhesiz, bu jenaýatlar diňe bir žurnalistleri däl, eýsem halkara şertnamalaryna we kadalaryna laýyklykda hemişe harby çozuşdan goranýan lukmanlary, şepagat uýalaryny we beýleki güýçleri hem nyşana alýar Indi bolsa, Şirin Abu Aklany jenin-de öz wezipesini ýerine ýetirip duran mahalynda şehitler we Sionist režimiň we adam hukugyna we adamkärçiligie garşy jenaýatlarynda gurban bolanlaryň sanyna goşdy, elbetde bu waka umum adamzadyň hakydasynda galar.

Eýran Yslam Respublikasynyň serhedaşa radio we telewideniýedäki wekilleriniň habarçylary hem, ýasama-sionist režimiň tarapyndan dürli şikeslere gabat gelensoň Sionist režimi tarapyndan şehit bolan, pida bolan we zeper ýeten köp sanlyžurnalistler bilen duýgudaşlyk bildirmek, maşgala agzasyna duýgudaşlykdyr we bu ýoluň ähli şehitlerini we aktiwistlerini ýada salýar we bu şehitleriň hemde bu ýolda gurban bolanlaryň ýady mydama serhedaşa orunbasarlygynyň işgärlerini  şol sanda Press TV , Al-Alam, Hispan TV we ş.m. kärdeşleriniň ýüreginde galar.

Eýranyň tele-radio guramasynyň serhedaşa orunbasarlygy 

2022, maý,11