May 15, 2022 12:22 Asia/Ashgabat

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf "betbagtlyk güni" sionistleriň basybalyjylygyny, nesil gyrgynçylygyny, rehimsizligini we jenaýatlaryny ýatladýar diýdi.

Sionistler, 1948-nji ýylyň 14-nji maýynda, Ňalestina ülkelerini basyp almak bilen sebitde amansyzlygyň, durnuksyzlygyň, jenaýatyň we basybalyjylygyň düýbini tutdylar.

bu gün Palestina taryhynda "Betbagtlyk güni" adyny aldy.

IRAN Press-iň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf şu gün(ýekşende) mejlisiň açyk oturylyşygynda eden çykyşynda Betbagtlyk güni we basybalyjy sionist režimiň bikanun barlygynyň yglan edilmegi 7 onýyllykdan gowrak wagt bäri sionistleriň basybalyjylygyny, nesil gyrgynçylygyny, zalymlygyny ,jenaýatlaryny, palestinalylaryň awaralygyny we ýerlerini basyp almagyny ýada salýar diýip nygtady.

Şol günüň öňüsyrasynda palestinaly žurnalist Şirin Abu Akalanyň Sionist  režimiň jenaýatçylary arkaly şehit edilmegi bu režimiň wagşylygynyň çuňlugyny dünýä halkyna ýene bir gezek aýan etdi diýip Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf sözüne goşdy.