May 16, 2022 16:21 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 8 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 8 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 141,232-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 383 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,228,434 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 7 million 22 müň 911 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Koronawirus epidemiýasy şu wagta çenli dünýäde 6,288,631 adamyň ölmegine sebäp boldy.