May 16, 2022 18:59 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadehiň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň dahylçylykly sözlerine reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat sekretarynyň Eýranda bolup geçen soňky wakalar we Eýranyň käbir şäherlerinde öňe sürlen käbir talaplar baradaky interwensiýa sözlerine reaksiýa bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň Eýranda bolup geçen soňky wakalar barada ýazan twitindäki soraga jogap edip: ABŞ-nyň hökümetiniň bu aşa begenji, hökümetiň Eýranyň ykdysadyýetini goramak we Eýranyň ykdysadyýetini demokratiýalaşdyrmak üçin edýän işleriniň Amerikalylary alada goýýan bir zatdygyny görkezýär diýdi.

Hatibzadeh, Eýran hökümetiniň sanksiýalary zyýansyzlandyrmak ýolunyň, ykdysadyýeti dollardan aýyrmak we ykdysadyýeti goramakdygyny aýtmak bilen Eýran halky iň ýokary basyşy ýeňdi we hökümet Eýranyň ykdysadyýetini goramaklygy mümkin boldugyça ýerine ýetirmäge borçlydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda, Amerikalylar hemişe olaryň utanmagyna sebäp bolýan beýleki ýurtlaryň işlerine goşulmagyň ýerine bu ýurtlaryň milli özygtyýarlylygyna hormat goýsunlar we milletlere we ýurtlara hormat goýmalydygyny bir gezek hem bolsa öwrenmäge tagalla etsinler diýip beýan etdi.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs öz twitter sahypasynda Eýran halkynyň talaplary barada dahylçylykly beýanatynda şeýle ýazdy: Batyr eýranly demonstrantlar öz hukuklaryny goraýarlar; Eýran halkynyň öz hökümetini jogapkärçilige çekmäge hukugy bar; Amerikanyň Birleşen Ştatlary ar alyşdan gorkman, onlaýn we daşarky görnüşde parahatçylykly ýygnanyşmak we söz azatlygy hukugyny goldaýar.