May 16, 2022 21:07 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Täjigistanyň Terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmekleri

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy we Täjigistanyň Goranmak ministri terrorçylyga garşy göreşmegiň, serhet howpsuzlygyny ýola goýmagyň, şeýle hem iki ýurduň arasynda bilelikdäki türgenleşikleriň we harby enjamlary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bageri Täjigistan bilen bilelikdäki goranyş we harby hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek maksady bilen şu gün (duşenbe) ýokary derejeli harby wekiliýetiň başynda Täjigistana bardy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor general Muhammet Bageri Täjigistanyň Goranmak ministri general Şir Ali Mirza tarapyndan resmi garşy alnandan soň, ýöriteleşdirilen ýygnakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we giňeltmegiň ýollaryny we Merkezi Aziýa sebitinde terrorçylyga garşy göreş usullaryny barlamak bilen, Owganystanda jemlenen sebitleýin hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda general Bageri Eýranyň we Täjigistanyň Ýaragly Güýçleriniň serhetlerde howpsuzlygy üpjün etmekden başga-da biri-biri bilen pikir alyşmalydygyny aýtmak bilen sebitleýin we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek, şeýle hem tälim alyşmak we terrorçylyga garşy göreşde harby hyzmatdaşlygy ösdürmek iki ýurduň ýaragly güýçleri üçin ileri tutulýan ugur bolmalydyr diýdi.

Duşuşykda Täjigistanyň Goranmak ministri general Şir Ali Mirza Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň iki ýurduň kömegi we hyzmatdaşlygy bilen terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe serişdelerine garşy göreşmek baradaky meýilnamalaryny garşy almak bilen bilelikdäki türgenleşikleri geçirmek we harby enjamlary ösdürmek Täjigistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir diýdi.