May 17, 2022 14:31 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: NATO gapma-garşylyk ýolunyň gowy gutarmaýandygyny bilmelidir

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) hereketleri we syýasatlary barada durup geçip, gapma-garşylyk ýolunyň gowy gutarmaýandygyny bilmelidigini aýtdy.

Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasy (NATO) 1940-njy ýyllarda köpçülikleýin goranmak maksady bilen Waşingtonda döredildi we häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we köp Ýewropa we goňşy ýurtlary oňa agzadyrlar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Russiýanyň Sputnik habar gullugyna beren interwýusynda häzirki wakalaryň köküniň NATO-nyň giňeldişleri we ýurtlaryň howpsuzlygyna we syýasy pikirlerine üns bermeýändigi üçindigini aýtdy.

Hatibzadeh, Tähranyň Moskwa bilen Kiýewiň arasynda parahatçylygy ýola goýmak üçin ähli tagallalary edýändigini we bu meselede Eýranyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda araçylyk etmek üçin täze tapgyra başlamak isleýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran-Russiýa gatnaşyklaryna ünsi çekip, Tähran-Moskwa gatnaşyklarynyň strategikdigini we haýsydyr bir meseläniň bu gatnaşyklary bozmagyna ýol bermeris diýdi.