May 18, 2022 13:22 Asia/Ashgabat
  • Russiýa: ABŞ Siriýadan Ukraina terrorçylary iberýär

Russiýanyň aňtaw ministrligi Waşingtonyň Siriýadan terrorçylary Ukraina iberýändigini yglan etdi.

Ukrainadaky söweş indi üçünji aýyna girdi we şu wagta çenli ABŞ we Ýewropa ýurtlarynyň ençemesi Kiýewe dürli harby ýarag iberdiler.

Ruslar Ukrainany basyp almak niýetiniň ýokdugyny aýdýarlar.

Russiýanyň ýarag ibermegiň netijeleri barada duýduryşlaryna garamazdan, ABŞ Ukrainany iň köp harby ýarag bilen üpjün ediji bolup galýar.

ISNA-nyň habaryna görä, Russiýanyň aňtaw ministrligi sişenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ukrainadaky söweşe gatnaşmak üçin Siriýadan terroristleri, şol sanda DAEŞ toparyny işe alýandygyny mälim etdi.

Russiýa gullugynyň habaryna görä ABŞ-ny goldaýan söweşijiler ABŞ-nyň Siriýadaky Al-Tanf bazasynda harby tälim alýarlar.

Russiýanyň aňtaw ministrligi bir wagtyň özünde ABŞ-a ygrarly we DAEŞ toparynyň 500-den gowrak we käbir beýleki terroristleriň tälim alýandygyny aýtdy.

Russiýa, terrorçy toparlaryň wezipesiniň ilki Siriýadaky rus harby bölümlerine garşy gyrgynçylyk hereketlerini amala aşyrmakdygyny, indi bolsa Ukraina iberilýändigini nygtaýar.

Tags