May 18, 2022 14:45 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkmenistan elektrik söwdasyny giňeltmegiň ýollaryny barladylar

Eýranyň Suw ministriniň orunbasary we Türkmenistanyň Energetika, Oba hojalygy we Suw serişdeleri ministrleriniň orunbasarlary Aşgabatda iki ýurduň arasynda elektrik we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çarşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Suw işleri boýunça ministriniň orunbasary Muhammet Jawanbaht Aşgabatda Türkmenistan Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary Safarow bilen duşuşyp, Eýran-Türkmenistan bilen suw we elektrik pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

iki tarap Eýran bilen Türkmenistanyň elektrik pudagynda gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirip, bu ugurdaky iň möhüm päsgelçilikleri gözden geçirdi we bu päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň ýollary barada ylalaşyldy.

Şeýle hem, Eýranyň we Türkmenistanyň tehniki we inženerçilik pudaklarynyň arasynda elektrik pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gowy ylalaşyk gazanyldy we Türkmen Energetika ministrliginiň ýörite wekiliýetiniň iki ýurduň arasynda has köp hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin ýakyn wagtda Eýranyň elektrik pudagynyň mümkinçiliklerini baryp görmegi karar edildi.

Jawanbaht şeýle-de, türkmenleriň Oba hojalygy we suw serişdeleri ministriniň orunbasary Baýjanow bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki tarap hem iki ýurduň arasynda netijeli we dostlukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Tags