May 18, 2022 15:33 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Tozan meselesini goňşular bilen hyzmatdaşlyk edip esasy çözmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurtdaky tozan meselesiniň esasy çözülmelidigini nygtady.

Soňky günlerde Eýranyň günbatar goňşularynyň, şol sanda Siriýa, Yrak we Iordaniýa ýaly ýurtlaryň asmanyny gum we tozan tupanlary täsir astyna aldy.

Bu tozan tupany, Türkiýäniň uly bendiniň gurluşygynyň ilkinji netijesidir. Barselona Bütindünýä saýtyndaky tozanyň kartasyna görä, soňky tozan ilki Yragyň we Siriýanyň uly bölegini gurşap aldy, soňra bolsa Eýrana girdi.

Siriýanyň käbir ýerlerinde çägeli tupan we tozan tupanynda dokuz adam ölüp, başga-da birnäçe adam ýaralandy.

Yrakda hem müňlerçe adam dem alyş problemalary sebäpli keselhanalarda ýerleşdirildi.

tozan tupany Eýranyň käbir şäherlerine hem ýaramaz tääsirleri edendir we işleriň ýatyrylmagyna sebäp bolandyr.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (çarşenbe) ministrler kabinetiniň ýygnagynda Eýranyň dürli welaýatlarynda, esasanam Huzestan welaýatynda hapalanmagyň we tozanyň köpelmegine yşarat edip daşky gurşaw gullugyna Daşary işler ministrligi we beýleki degişli guramalar bilen howanyň hapalanmagy bilen baglanyşykly meseläni çözmek üçin görkezme berdi.

Raisi bu meseläniň düýpgöter çözülmeginiň sebitdäki ýurtlar we goňşular bilen hyzmatdaşlygy talap edýändigini aýtdy.