May 18, 2022 17:07 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň Ýolbaşçysy Eýranyň işçi güýjüniň ýaş bolmagyny nygtadylar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, nesli köpeltmägi şeýle hem, ýurduň işçi güýjüniň ýaş bolmagyny nygtap ilatyň garramagynyň elhenç geljeginden halas etmegiň ýoluny möhüm syýasat we iň möhüm wezipeleriň biri hasapladylar.

Ýokary lideriň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri, ilatyň milli merkeziniň mejlisinde şu gün okalan ilat ugrundaky aktiwistlere iberen ýüzlenmesinde ýurduň işçi güýjüniň döremegini we ýaş bolmagyny ýokarlandyrmak we maşgalany eklemek baradaky tagallalar wezipeli adamlaryň we şahsyýetleriň iň möhüm wezipelerinden biridir diýilip getirilendir.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri, bu borjuň täsirli şahsyýetlere we medeni merkezlere has köp üns berilýändigini we munuň Eýranyň uzak möhletli geljegi üçin möhüm syýasatdygyny aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, dogruçyl ylmy gözlegleriň bu syýasatyň mümkin bolup biljek ýa-da hyýaly zyýanlardan gaça durmak we ýurduň geljegine peýdaly bolmak arkaly durmuşa geçirilip bilinjekdigini görkezdi diýip beýan etdiler.