May 18, 2022 18:03 Asia/Ashgabat
  • Türkmeniň beýik şahyry Magtumguly Pyragynyň şanyna Tähran ýokary okuw jaýynda ýörite ýygnak geçirildi

Türkmeniň beýik şahyry Magtumguly Pyragynyň doglan gününiň 289-njy ýyllygyna bagyşlanyp Tähran ýokary okuw jaýynda ýörite ýygnak geçirildi.

bu byngak sişenbe güni 2022-nji ýylynyň 17-nji maýyna barabar gelýän 1401-nji şemsi ýylynyň ordibeheşt aýynyň 27-sinde sagat 18-den 21:30 çenlei geçirildi.

bu ýygnaga talyplardan aýry resmi we resmi bolmadyk şähsyýetler şol sanda Türkmenistanyň Eýranday ilçisiniň orunbasary Atamyrat Baýramow, Eýran prezidentiniň parlament işleri bpýunça orunbasary doktor Hoseini, gülüstan welaýatynyň gündogar sebitiniň mejlisdäki wekili Amangylyç Şadmehr, we demirgazyk Horosan welaýatynyň mejlsdäki wekili doktor Wahidi, Täbriziiň mejlisdäki wekili gatnaşyp bu ýygnakda çykyş etdiler.

gürgen radiosynyň müdiri jenab Orazmuhammet Hurmalynyň we jenab Ahanginiň alyp barmagyna geçirlen bu ýygnakda aýdym-saz toparylary şol sanda Azerbaýjanyň Täbriz şäheriniň topary magtymguynyň sözlerine sen sen diýen aýdymy ýerine ýetirdiler.

Kümmediň mukamçylar topary we  çynar topary hem aýdymlary ýerine ýetirdiler.

bu ýygnakda görnükli magtymgulyşynas profosor Seddig hem çykyş etdi.

bu ýygnakda şeýle-de Türkmeniň beýik şahyry Magtumguly Pyragy hakda işlän şahsyýetlerden şol sanda doktor Orazmuhammet Sarly, Musa jürjäni, Profosor Seddig we doktor Şadmehr dagylardan gadyrdanlyk boldy.

 Magtymgulynyň terjimehalyny dabaranyň alypbaryjylary  Ahangi we Hurmaly tarapyndan pars we türkmen dillerinde okaldy.
Çykyş edenleriň köpüsi Magtymgulyny aryp we din alymy hökümindehemde Eýranyň we türkmenleriň medeniýetine we edebiýatyna hyzmat eden şeýle-de agzybirligiň wagyzçysy we süteme garşy hereket ediji hökmünde tanatdylar. Magtymgulynyň Yslam pygambere we Ahl-Baýta wepalylygy onuň häsiýetlerinden we goşgularyndan bellidir.