May 20, 2022 16:22 Asia/Ashgabat
  • General Salami: Ýurduň garaşsyzlygy rewolýusiýany goraýanlaryň sahnada galmagyna baglydyr

Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi: Eýran halky, ýurduň garaşsyzlygynyň, beýikliginiň we mertebesiniň düzgüni we rewolýusiýany goramak sahnasynda galmagyna baglydygyny bilýändirler diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami anna güni Ymam Homeýniniň (RA) mukaddes ybadathanasynda Beýt-al-Mukaddes we Horamşahryň azat edilmegi boýunça ýeňişli operasiýanyň 40 ýyllygy bilen gabat gelýän gününde Muhammet Resulullah (SAW) goşunynyň uly ýygnanyşygyna gatnaşyp eden çykyşynda garaşsyzlyk, erkinlik we mertebe diýen manyda ýaşaýyş diňe bir erjellik bilen mümkin bolman, eýsem çydam görkezmeli we ýeňiş gazanmak üçin elmydama sahnada bolmalydyr diýdi.

General Salami şeýle-de Eýran halkynyň duşmanlaryna ýatdan çykmajak sapaklary berendigini aýdyp Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky 43 ýylda eýran halkyna garşy dildüwşük gurmagy bes etmedi; Beýleki tarapdan, eýran halky bu dildüwşükleriň öňüni aldy we duşman indi ýok olup barýandyr we Owganystandan gaçmagyny, Ýemendäki ýeňlişini we Yrakdan ýuwaş-ýuwaşdan gaçmagyny bütin dünýä görýändir diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi Basijilere ýüzlenip: Sabyr eden erkekler taryh döredýärler, halklar mertebe bilen ýaşamak üçin elmydama şöhle saçmalydyrlar we bir millet üçin abraýyň we mertebäniň parlak keşbini boýamak garşylygyň dowam etmegini talap edýär diýdi.

Tags