May 20, 2022 16:40 Asia/Ashgabat
  • Eýran-Hindistan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar

Eýranyň we Hindistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdullahian" anna güni Hindistanyň Daşary işler ministri "Subramaniam Jaişkankar" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Tähran bilen Nýu-Deliniň arasyndaky gowy gatnaşyklara yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň Hindistan bilen gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Amir Abdullahian sözüniň dowamynda Eýran bilen Hindistanyň gatnaşyklarynyň düri ugurlada ösýändigini aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň gowy derejesine ünsi çekip, Hindistanyň Daşary işler ministri Jaişinkar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda ösjekdigine we ösdüriljekdigine umyt bildirdi.

Şeýle hem, Hindistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministrini ýurduň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşmak we pikir alyşmak üçin Hindistana sapar etmäge çagyrdy bu bolsa Amir Abdullahian tarapyndan garşylandy.

Tähran bilen Nýu-Deliniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we syýasy, ykdysady, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, Owganystandaky, Ýemendäki, Ukrainadaky wakalar we sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikler Eýran we Hindistan resmileriniň arasynda ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meselelerden bolandyr.

Tags