May 21, 2022 12:43 Asia/Ashgabat
  • Hoseýni: Mgtymgulynyň türkmen edebiýatyndaky roly Ferdowsiniň pars edebiýatyndaky rolyna barabardyr

Türkmeniň beýik şahyry Magtumguly Pyragynyň doglan gününiň 289-njy ýyllygyna bagyşlanyp Tähran ýokary okuw jaýynda ýörite ýygnak geçirildi.

bu byngak sişenbe güni 2022-nji ýylynyň 17-nji maýyna barabar gelýän 1401-nji şemsi ýylynyň ordibeheşt aýynyň 27-sinde sagat 18-den 21:30 çenlei geçirildi.

bu ýygnaga talyplardan aýry resmi we resmi bolmadyk şähsyýetler şol sanda  Eýran prezidentiniň parlament işleri bpýunça orunbasary doktor Seýed Muhammet Hoseini gatnaşdy.

Gürgen radiosynyň habarçysynyň beren habaryna görä doktor Seýed Muhammet Hoseini bu dabarada eden çykyşynda Mgtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatyndaky roly Ferdowsiniň pars edebiýatyndaky hemde Dante-niň Italiýan edebiýatyndaky rolyna barabardyr diýmek bilen onuň goşgylary milletçilikden we dini agzybirlikden dolydyr diýip nygtady.

Eýran prezidentiniň parlament işleri bpýunça orunbasary doktor Seýed Muhammet Hoseini sözüniň dowamynda Magtymguly Pyragyny Eýranyň we yslamyň buýsanjy hasaplap bu beýik şahyr we arybyň pygamberiň ähli beýtine bolan yşky we muhapbeti onuň goşgylarynda aýandyr diýdi.

Eýran prezidentiniň parlament işleri bpýunça orunbasary doktor Seýed Muhammet Hoseini sözüniň soňunda Eýranyň prezidentiniň salam-dogasyny türkem halkyna ýetirdi.