May 21, 2022 18:16 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Ummana sapary

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Umman soltanynyň resmi çakylygy boýunça duşenbe güni bu ýurda sapar eder.

Tähran-Oman gatnaşyklary Soňky onýyllyklarda Pars aýlagynda ýüze çykan dartgynlylyga we ABŞ-nyň Eýranofobiýany güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna garamazdan gatnaşyklar hemişe birek-birege hormat goýmak we birek-birege bähbit bermek esasynda bolup dur.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi,  Ummanyň soltany Heýsam bin Tarik al-Saidiň resmi çakylygy boýunça we goňşy diplomatiýanyň dowamy we ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary giňeltmek üçinMaskata ugraýar. 

Bilim köşgünde resmi duşuşyk, Ummanyň soltany "Heýsam bin Tarik Al Said" bilen ikitaraplaýyn duşuşyk, birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekişmek, bu ýurtda ýaşaýan eýranlylar bilen duşuşyk we Omanly telekeçiler we ykdysady aktiwistler bilen duşuşyk Ummana gurnalan bir günlük sapayň meýilnamalaryndandyr.