May 22, 2022 13:15 Asia/Ashgabat
  • General-maýor Salami: Eýran görlüp-eşidilmedik sanksiýalarda möhüm ösüşleri gazandy

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi ABŞ-nyň görlüp-eşidilmedik sanksiýalary girizmek baradaky çäresine ünsi çekip, Eýranyň bu şertlerde möhüm ösüşleri we öňegidişlikleri gazanandygyny aýtdy.

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ ýadro şertnamasyndan resmi taýdan çykdy we öňki sanksiýalary dikeltmekden başga-da Eýrana täze sanksiýalari girizdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşinden bäri duşmanyň islendik bahana bilen Yslam Eýranyň howpsuzlygyny ýok etmäge ýa-da howp salmaga synanşandygyny ýöne her gezek bu halkyň çagalarynyň hüşgärligi we göreşi sebäpli duşman ýeňilendigini aýtdy.

General Salami, dünýäniň dürli künjeklerinde betbagt köşk ýaşaýjylarynyň we ýoldaşlarynyň Eýran halkyna hüjüm etmek isleýändiklerini mälim etmek bilen Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň jogapkärçiligine laýyklykda duşmany yzarlaýandygyny we olara gözegçilik edýändigini aýtdy.