May 23, 2022 13:51 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Kataryň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly maslahatlaşma

Eýranyň we Kataryň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň liderleriniň arasynda baglaşylan iň soňky ylalaşyklaryň, Dünýä çempionatynyň we Tähran bilen Dohanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegini, şeýle hem sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Kataryň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdul Rahman Al Sani ýekşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Iki ýurdyň liderleriniň arasynda Katar hökümetiniň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Shaniniň soňky sapary wagtynda gazanylan soňky şertnamalary ara alyp maslahatlyşdylar.

Tags