May 24, 2022 22:02 Asia/Ashgabat
  • Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga taýyn

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Yslam respublikasynyň Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari, Tähranda EKO sammitiniň çäginde Türkmeniň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, esasanam energiýa, transport we tranzit ugurlary barada pikir alyşyp maslahatlaşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Eýran Yslam Respublikasynyň nebit, gaz we elektrik pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga, şeýle hem demirgazyk we günortada ulag çalşygyny we üstaşyr geçmegini aňsatlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin söwdany we gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Duşenbe güni Tähranda EKO-nyň agza döwletleriniň (Owganystan, Azerbaýjan, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Päkistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan) Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirilip başlandy.

Şu gün hem dowam eden iki günlük ýygnakda sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ýollary ara alynyp barlanar.

Tags